LUKMANÇYLYK

Arak «omikronyň» garşysyna göreşmäge kömek edermikä?

Görüp otursalar, belli bir derejede kömek edýär eken. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Sergeý Kolesnikow «Радио 1»-iň ýaýlymynda aragyň kömegi bilen koronawirusyň garşysyna nädip göreşip bolýandygy barada gürrüň berdi. Bu barada Russiýanyň «Новости» habarlar agentligi ýazýar.

«Aragyň bugundan dem almak dem alyş ýollaryndaky wiruslaryň belli bir derejede ýok bolmagyna täsir edýär. Munuň üçin agyz-burun örtügine aragyň birnäçe damjasyny damdyrmaly we dem almaly» diýip, Kolesnikow düşündirdi.

Mundan başga-da, ol howpsuz aralygy saklamagy, elleriňi we burnuňy ýuwmagy maslahat berdi. Hünärmeniň aýtmagyna görä jemgyýetçilik ulaglarynda we lukmançylyk edaralarynda koronawirusyň ýokuşmagynyň howpy has uly. Şonuň üçin hem, ol has zerurlygy ýüze çykmasa, lukmançylyk edaralaryna barmazlygy maslahat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: