YKDYSADYÝET

Ýylyň başyndan bäri dürli ölçegdäki demir önümleriniň 163 million 897 müň 591 manatlygy öndürildi

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň bu önümçilik kuwwaty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 178,3 göterime barabar bolandygyny görkezýär.

Indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürmekde üstünlik gazanýan bu kärhanada, esasan, metal böleklerini eretmek arkaly alynýan sozulan metallardan dürli ölçegdäki gurluşyk armaturalary we beýleki metal önümleri taýýarlanýar. Geçen döwürde kärhanada sarp edijileriň buýurmasy boýunça dürli ölçegdäki we görnüşdäki önümler öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: