YKDYSADYÝET

Lebapda möwsümleýin işler kadaly alnyp barylýar

 Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew 15-nji maýda geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştuutanyna welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bu ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigini, galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý, gowaça meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň depginlerini güýçlendirmek, bu işleri bellenen möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutany welaýatyň ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: