Halaç etrabynyň 3-nji sport mekdebinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi

Halaç etrabynyň 3-nji sport mekdebinde küşt, şaşka, woleýbol, futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Ony Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramadylar.

«Sagdyn durmuş — sagdyn jemgyýet» ady bilen geçirilen bäsleşiklere etrabyň edaralarynda, kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Onda «Halaçetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň, etrap medeniýet bölüminiň işgärleri, şeýle-de 30-njy orta mekdebiň okuwçylary gowy netijeleri görkezdiler.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector