TÜRKMENISTAN HABARLARY

GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň netijeleri boýunça türkmen tarapy birnäçe resminamalara gol çekdi

GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar bilelikdäki özara gatnaşyklaryň ynsanperwer, hukuk goraýyş, migrasiýa we beýleki pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy boýunça birnäçe çözgütleri kabul etdiler, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty ýazýar.

Türkmen tarapy GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň «2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda», «GDA-nyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda», «Biologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda», «Moldowa Respublikasynyň Komrat şäheriniň 2023-nji ýylda Arkalaşygyň Medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi hakynda» Çözgütlerine gol çekdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: