TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda şaly oragy tamamlandy

Lebap welaýatynda şaly oragy tamamlandy. Şalyçylar 47 717 tonnadan gowrak hasyl ýygnamagyň hötdesinden geldiler.
Öň hem habar berşimiz ýaly, bu azyklyk ekini bugdaýdan boşan ýerleriň 10 200 gektaryna ekipdiler. Şonda daýhanlar güýzde 47 400 tonna şaly ýygnamagy öňlerinde maksat edip goýupdylar. Netijede meýilleşdirileninden 320 tonna ýakyn şaly köp ýetişdirildi.
Bu ýyl hem, esasan, şalynyň ýerli toprak şertlerine uýgunlaşan «Nukus-2» sorty ösdürildi. Şonuň ýaly-da, Çärjew etrabynyň «Azatlyk», Saýat etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiklerinde Russiýa Federasiýasyndan getirilen «Flagman» görnüşi synagdan geçirildi.
Şu günler ýygnalan hasyly ýitgisiz daşamak, ýokary hilli saklamak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply