SYÝASAT

GDA gatnaşyjy döwletler syýahatçylyk çygrynda hyzmatdaşlygyň Strategiýasynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

GDA ýurtlarynyň ekspertleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan döwletleriň syýahatçylyk çygryndaky bazalaýyn guramak hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny ylalaşdylar, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Onlaýn maslahata Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň. Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Taslama 2021—2022 ýyllar üçin GDA gatnaşyjy döwletleriň syýahatçylyk çygryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Strategiýasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Ol GDA ýurtlarynyň syýahatçylyk boýunça birleşmesiniň bilim ulgamyny kämilleşdirmekdäki, syýahatçylyk pudagyny okuw-usuly we synag-seljerme taýdan üpjün etmekdäki mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen.

Syýahatçylyk çygryndaky bazalaýyn guramanyň peýda bolmagy Hyzmatdaş ýurtlaryň hünärmenleri taýýarlamakdaky we täzeden taýýarlamakdaky özara gatnaşyklardaky işiniň netijeliligini hem üpjün eder.

«Ýüpek ýoly» Halkara uniwersiteti (Samarkant) syýahatçylyk çygrynda bazalaýyn gurama derejesini alar diýlip çaklanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: