SYÝASAT

Migrasiýa boýunda Halkara Forumyna milli derejedäki taýýarlygy ara alyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Migrasiýa barada Ählumumy ylalaşygyň durmuşa geçirilişi  boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

«Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynyň ýazmagyna görä, sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygy Migrasiýa boýuna halkara guramasy (IOM) – BMG-niň Migrasiýa boýunça agentligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen bilelikde guradylar.

10-13-nji maýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan migrasiýa boýunda Halkara Forumyna milli derejedäki taýýarlygy ara alyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iş toparynyň utgaşdyryjysy – Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy toparyň agzalarynyň bu Foruma taýýarlyk işine gatnaşmaga taýyndygyny bellenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: