SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmegiň guramaçylyk toparynyň düzümini we meýilnamasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Karary bilen Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmegiň guramaçylyk toparyny döretdi. Resminama bilen onuň onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy hem tassyklanyldy.

2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilipdi.

Şonuň ýaly-da, Medeniýet ministrligine degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Meýilnamada göz öňünde tutulan dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: