JEMGYÝET

«Gaýrat agro» daýhan hojalygy suw tygşytlaýjy usullardan peýdalanýar

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň çäklerinde döredilen «Gaýrat agro» daýhan hojalygy tarapyndan uzynlygy 3,7 kilometre ýetýän suw akabasy çekildi. Häzir bolsa 7 kilometrlik awtomobil ýoluň gurluşygy dowam edýär. Olaryň ikisi hem daýhan hojalygyna berkidilen ekin meýdanlaryna sary uzaýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
«Gaýrat agro» mundan alty aý ozal Çärjew etrabynyň H.Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň Döwletli sebitlerindäki ýerlerinde döredildi. Daýhan hojalygyna berkidilen 1350 gektar ýeriň 690 gektaryna bugdaý ekildi. Bu ýeriň 337 gektaryna gowaça ekmek meýilleşdirilýär.
Täze çekilen akaba daýhan hojalygyna degişli ýerleriň suw üpjünçiligini çözmekde uly ähmiýete eýe bolar. Hojalygyň ýerlerinde şu sebitlerde ilkinjileriň biri bolup, suwarmagyň pürkmek we damjalaýyn görnüşleri ulanylyp başlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply