Hudožnik we ynsan
Türkmen kompozitorlarynyň durmuşyny tassyklaýan sungaty, Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygy döwründe iň ýokary derejesine ýetdi.
Türkmen milli saz medeniýetinde “zenan” başlangyjynyň döremeginde esas goýujy orun Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Maýýä Kulyýewanyň adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, kompozitor Jeren Gurbangylyjowa degişlidir. Türkmenistanyň halk artisti, belli kompozitor Çary Nurymowyň synpynda saz sowadyny alanyndan soňra, ol türkmen saz medeniýetiniň taryhynda ilkinji zenan kompozitor bolýar.
Kompozitoryň özboluşly zehini milli türkmen sazynyň berk binýadynda ösdi we pajarlady. Bu däpler onuň sazlarynda dolulygyna ýüze çykdy, ösdürýär.
Sungat älemine her bir beýik hudožnik özüçe girýär we köplenç ol gözbaşyny ene-atasynyň öýündäki atmosferadan alyp gaýdýar. Jeren Gurbangylyjowanyň kakasy Muhammetnur öz kiçijik gyzyny türkmen halkynyň baý edebi mirasy bolan halk ertekileri, rowaýatlary, nakyllary bilen tanyşdyrdy. Ene – Sofýa Dowletowna – medeni işgär.
Jereniň çagalyk döwri Gurbangylyjowlaryň öýüne Türkmenistanyň meşhur sungat işgärleri: suratkeşler, ýazyjylar, aktýorlar, sazandalar myhmançylyga gelýär ekenler. Şolar Jereni türkmen milli medeniýet dünýäsine çekdiler.
Ilkinji çeperçilik täsirleri, estetiki düşünjeleri we durmuşa, sungata garaýyşlary Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk uçilişesinde (1970-nji ýylda) Jeren Gözel Annamämedowanyň «fortepiano» klasyndan aldy.
Jeren Gurbangylyjowanyň dünýägaraýşynyň, estetiki garaýyşlarynyň we prinsipleriniň, şol sanda döredijiliginde saz-stilistiki aýratynlyklarynyň emele gelmegine onuň mugalllymy we halypasy, Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Çary Nurymow uly täsir etdi.
Jeren 1979-njy ýylda döwlet ekzamenine diplom işi hökmünde wiolençeli we simfoniki orkestr üçin iki bölekden ybarat Konsertini hödür etdi.
Ol öz döredijilik prosesini hemişe akyl ýetirmäge we täze saz-aňladyş serişdelerini, öwüşginlerini, görnüşlerini, duýgularyň we ýagdaýyň yzygiderliligniň, täze tematikanyň gözlegini dowam etdirmäge ymtylýan hudožnikleriň tipine degişli. Bu isleg ony P.Çaýkowskiň adyndaky Moskwa Döwlet konserwatoruiýasynyň aspiranturasyna professor A.Lemanyň klasyna getirýär. Bu ýerde ol kompozitorlyk stilini kämilleşdirmegiň kursuny geçýär.
Awtor dürli ýyllarda üç sany uly konsert: wiolonçeli we simfoniki orkestr üçin Konsert (1979-njy ýyl), fortepiano we orkestr üçin Konsert (Aýal bagşy, 1991-nji ýyl), Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Nurymow bilen bilelikde dutar we halk saz gurallary üçin Konsert eserlerini döredýär.
1988-nji ýylda Jeren Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutyna işe çagyrýarlar. Bu ýerde ol özüni talapkär mugallym hökmünde görkezýär. J.Gurbangylyjowanyň synpynda Akmyrat Rejebow, lebaply kompozitor Batyr Täjow, Aýna Şirowa dagylar bilim aldylar.
Üç perzendiň bagtyýar enesi bolan Jeren Gurbangylyjowa öz döredijiliginiň uly bölegini çagalara bagyşlaýar. G.Meredowyň çagalar durmuşyna bagyşlap ýazan goşgular toplumyna «Garaşsyzlygyň nagyşlary» atly aýdymlar toplumyny, çagalar üçin fortepiano pýesalaryny döredýär.
Döredijiliginiň hut şu döwründe onuň kamera-wokal eserleri meşhurlyga eýe boldy. Täze aýdymlaryň döremegi hemişe çylşyrymly, emma örän gyzykly hadysa. Şygryýet bilen sazyň romansda ýa-da aýdymda bir bitewilige öwrülmeginde möhüm düzüm bölekleriniň biri çuňňur ruhy mazmunly, bolsa, kämil nusga döredýär.
Türkmen şahyrlary Ata Atajanow, Hajy Kakalyýew, Näzik Annatyýewa, gyrgyz şahyry Tenti Adyşewa, täjik şahyry Gülruhsor Safiýewa dagylar Jeren Gurbangylyjowanyň söýgüli awtorlarynyň hatarynda.
«Halkyň medeniýeti näçe köpdürli bolsa, şonça-da baý bolýar. Her bir ýurduň öz gaýtalanmajak üýtgeşikligi, gözelligi bolýar. Türkmenistanda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetiň täzeden gülläp ösmeginiň başyny başlady. Bu eýýam bize türkmen milli opera žanryny dikeltmäge we janlandyrmaga mümkinçiligi peşgeş berdi, – diýip jogap berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns-aladasy bilen biz D.Öwezowyň A.Şapoşnikow bilen bile ýazan «Şasenem-Garyp», Ý.Meýtus bilen ýazan «Leýli-Mejnun» operalarynyň uly üstünlik bilen geçen ilkinji görkezilişlerine. Wagtyň okgunly depgini biziň öňümizde täze wezipeleri, täze talaplary goýýar, şoňa görä bize giňden pikirlenmegi we saz sungatymyzyň aýratynlygyna çuňňur düşünmegi, öz hünär döredijiligiňe uly talapkärlik we jogapkärçilik bilen çemeleşmegi, hakyky milli eserleri döretmegi öwrenmek gerek».
Türkmenistanyň abraýly suratkeşi Jeren Gurbangylyjowa, milli aýdym-saz medeniýetiniň ösmegine goşan goşandy üçin “Watana bolan söýgüsi üçin“ medal we “Magtymguly Pyragy“ medaly bilen sylaglandy.
Jeren Gurbangylyjowanyň kompozitorçylyk döredijiligi ýiti, obrazly, nepis we şol bir wagtyň özünde milli. Kompozitoryň sazlarynda onuň ruhy tejribesi, şahsy tejribesi we çuň umumy adamzat başlangyçlary açylyp görkezilýär.
Ýuliýa Jumaýewa, sazşynas,
Lebap welaýat ýörite
sungat mekdebiniň mugallymy