Awazadaky halkara festiwalda lebaply sungat ussatlarynyň çykyşlaryna ýokary baha berildi
Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara tans we folklor festiwalynda Lebap welaýatyndan gatnaşan toparlaryň çykyşlaryna ýokary baha berildi.
Hususan hem, folklorçylaryň welaýata mahsus bolan diş we leçek toýlary bilen baglanyşykly taýýarlan çykyşlary, tans toparymyzyň ýerine ýetiren «Çapak» tansy festiwala gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. «Miras sandygy» atly türkmen milli şaý-sepleri, dutar saz guraly taryp edilen şowhunly çykyş hem tomaşaçylarda tolgundyryjy duýgulary döretdi.
Bu ýerde guralan ussatlyk sapaklary, maslahatlar, gämide guralan gyzykly gezelençler we konsertler kalplarymyza şatlyk duýgularyny serpaý ýapdy.
Zehinli bagşy Mährem Jumaýewiň ýerine ýetiren türkmen halk aýdymlary, folklorçy zenan Keýik Penjiýewanyň aýdan hüwdüleri Lebabyň gözbaşyny gadymlardan alyp gaýdýan halk äheňlerine baýdygyny ýene bir gezek dünýä äşgär etdi.