JEMGYÝET

Iki aýda 25 müň tonna dökün

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň ýanwar ― fewral aýlarynda öndürilen fosfor dökünleriniň mukdary 25 müň tonnadan hem geçdi. Şeýlelikde, ýylyň iki aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnama berjaý edildi.
Täze oba hojalyk möwsüminiň ýakynlaşmagy bilen Türkmenistanda fosfor dökünlerine bolan isleg barha artýar. Ýurtda her ýyl sarp edilýän şeýle döküniň agramly bölegi Türkmenabatdaky kärhanada taýýarlanylýar. Munuň üçin bu ýerde ähli mümkinçilikler bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply