BIZE YAZYARLAR

Gawun kaky

Dana paýhasly ýaşulularyň berýän parasatly, çuň manyly gürrüňlerini diňleseň, tagamy datly, hoşboý ysy bilen bada-bat kalbyňa ornaýan bu ajaýyp nygmat tomsuň jöwzaly yssysynda teşneligiňi oňat gandyryp, birnäçe dertlere dermandyr.

Her damjasy altyn-zere deňelýän suwuň ýetmezçilik edýän çöl şertlerinde ussat türkmen bakjaçylary gawundyr köz ýaly gyzyl garpyzlary ekip, ýetişdirmegiň çylşyrymly tärlerini oýlap tapypdyrlar.

Gawun sahylygy bilen gözüňi dokundyrýan, türkmen myhmansöýerliginiň ajaýyp nyşany hasaplanýan bereketli saçagyň toý bezeginiň üstüni ýetirýär. Düzümi ynsan saglygy üçin iňňän peýdaly maddalara baý gawundan taýýarlanýan guradylan kak önümi irki wagtlardan bäri şirin nygmat hem dermanlyk önümi hökmünde giňden meşhur bolupdyr.

Gawun kaky beden synalaryny zyýanly maddalardan arassalaýar, olaryň işini kadalaşdyrýar, beden süňkleriniň we saçyň ýagdaýyny gowulandyrýar.  Gawun kaky ýürek-damar kesellerinde örän peýdalydyr. Gawun kakyny eliň-aýagyň çişende, sary getirmede we peşew ýollarynda daş döremeleri ýüze çykanda köp iýmek maslahat berilýär. Gawun kaky bedeniň nerw ulgamyny hem sagdynlaşdyrýar. Kakyň düzümi kaliý kislotasyna baýdyr, şol sebäpli ony göwreli aýallara iýmek maslahat berilýär. Mundan başga-da, kakyň düzüminde ukusyzlykdan nerw dartgynlygyndan baş aýlanmadan, syna gowşaklygyndan saplanýan ferment, şeýle hem, deriniň, saçyň, dyrnagyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrýan maddalar köp  saklanýar.

Guradylan gawun kakyndan beden synalarynyň suwuklyk deňagramlylygyna jogap berýän hlor we natriý minerallary köpdür. Mundan başga-da, kakyň düzümindäki kaliý ýüregi we gan damarlaryny berkidýär. Ter gawuny we gawun kakyny adamlarda duş gelýän ateroskleroz keselini bejermekde giňden peýdalanýarlar. Şonuň ýaly-da, gawun kaky böwrekde, peşew haltasynda, peşew çykaryjy ýollarda döreýän sowuklama, ganazlyk, guragyry kesellerini bejermekde iýmit berhizinde giňden peýdalanylýar. Şeýle-de gawun kaky şähdiňi açýan, nerw ulgamyny rahatlandyrýar, adamyň iş ukyplylygyny ep-seli ýokarlandyrýar.

Guradylan kakyň ýokumlara iňňän baýdygyny aýtmak gerek. Şonuň üçin bu nygmaty süýjüli diabetden ejir çekýän, horlanmak isleýän adamlara iýmek peýdaly däldir.

Batyrguly Öwlýagulyýew,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: