BIZE YAZYARLAR

Ýürekleri birleşdiren ýol

Men taryh dersi ilen içgin gyzyklanýaryn. Okuwdan boş wagtlarym bu ugra degişli maglumatlary öwrenýärin.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen welaýatymyzyň çäkleri köküni müňýyllyklara alyp gaýdýan medeni mirasa baý ýurtdur. Halaç, Hojambaz, Kerki, Darganata etraplaryndaky gadymy galalar we taryhy ýadygärlikler bu territoriýada has irki döwürlerde hem ýaşaýşyň gülläp ösenligine, ata-babalarymyzyň dürli ugurlardan kämil baş çykarandygyna güwä geçýär.

Ir döwürlerde pederlerimiz Jeýhunyň kenarynda suwaryş desgalaryndan  peýdalanypdyrlar. Çig mal gorlary bilen baglanyşykly sada hünärmentçilikden çylşyrymly senetçilik önümçiliginiň aýry-aýry görnüşlerine geçilmegi bilen önümçiligiň täze usullary döräpdir. Söwda ýollaryndan gatnan täjirler, jahankeşdeler sardobalaryň, kerwensaraýlaryň, galalaryň deňinde düşläp, goş ýazdyrypdyrlar. Gujurly ýigitler şolar bilen goňşy ýurtlara gidip dürli hünärleri öwrenipdirler. Şonuň üçin käbir sebitlerde we ilatly ýerlerde şäher gurluşyk däpleri hem has irki döwürlerde döräp başlapdyr.

Bol suwly derýanyň kenarynda ekerançylygyň döremegi we ýaýramagy, maldarçylygyň ösüşiniň ýokary depginleri, gadymy şäherleriň kemala gelmegi hem-de döwlet gurluşynyň esaslarynyň peýda bolmagy binagärlik ýadygärliklerinde öz beýanyny tapypdyr. Bu sebitde ägirt uly, çylşyrymly desgalary gurmazdan öň, olaryň maksatlaryny we hajatlaryny göz öňüne getirip bilýän ussalar gerek bolupdyr. Olar asman jisimleriniň, ýer ölçegleriniň esaslaryny örän oňat bilipdirler. Şol döwrüň abraýly bilim ojaklarynda okan meşhur alymlar  birnäçe ylmy kitaplary ýazypdyrlar. Ýyldyzlara gözegçilik edip, tebigat hadysalaryny öwrenipdirler. Bagdatda ylym öýlarinde okan alymlaryň köpüsi bu mekana hem syýahat edipdirler.

Hatda Ýunanystandan, Wizantiýadan gelen jahankeşdeler we hünärmentler biziň topragymyza öz täsirini ýetiripdirler we türkmen medeniýetiniň gazananlaryny Ýewropa ýaýradypdyrlar.

Şonuň üçinem bu mekana dürli döwletlerden ellerinden dür dökülýän meşhur ussalar, binagärler çagyrylypdyr. Olar ýerli ussalara hem öz hünärl;eriniň inçe syrlaryny öwredipdirler.

Käbir ymaratlaryň diwarlarynyň häzirki zaman tarap görkezýän guralyň görkezişi ýaly, Ýer togalagynyň dört tarapyna laýyk edip gurulmagy, jaýlaryň burçlarynyň diýseň göniburçly bolmagy häzirkizaman hünärmenlerini hem örän geň galdyrýar.

Sungatyň ýokary derejä ýetendiginiň şaýatlary hökmünde diwarlaryň ýüzündäki şekilleri, möhürler we tumarlar, kiçi göwrümli heýkeljikler ir döwürlerde hem ussat hünärmenleriň öz işlerine ezber bolanlygyna şaýatlyk edýär.

Dürli tapyndylar öz döwrüniň ykdysady ýaşaýyş derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Dürli daşlardan ýasalan şekillerde ösümlikleriň we haýwanlaryň sudurlary suratlandyrylydyr.

Medine Reýimkulyýewa,

Darganata etrabyndaky 1-nji orta mekdeiň okuwçysy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: