SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen milli göreşi boýunça ýaryş geçirildi

Änew şäherindäki sport toplumynda türkmen milli göreşi boýunça ýaryş geçirildi. Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň guramagynda geçirilen ýaryşa pälwanlaryň onlarçasy gatnaşyp, degişli agramlarda özara çekeleşikli tutluşyklary alyp bardylar.

Uly gyzyklanma döreden tutluşyklaryň netijesinde 57 kilogram agram derejesinde Tejen şäherinden Ýakup Atadurdyýew, 62 kilogram agramda Tejen etrabyndan Mekan Nurberdiýew, 68 kilogram agramda şol etrapdan Selim Nurberdiýew, 75 kilogram agramda Gökdepe etrabyndan Işannur Babaýew, 82 kilogram agramda Tejen şäherinden Rahym Jepbarow, 90 kilogram agramda şol şäherden Annagurban Allaberdiýew, 100 kilogram agramda Ak bugdaý etrabyndan Baýramdurdy Seýitliýew, 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde bolsa, Tejen etrabyndan Söýün Mommaýew dagy üstün çykdy.

Ýaryşyň ýeňijileri hormat hatlary hem-de ýörite sowgatlar bilen sylaglandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: