JEMGYÝET

Garward ABŞ-nyň iň baý uniwersitetine öwrülýär

Garward uniwersiteti National Association of College and University Business Officers hem-de Commonfund Institute tarapyndan düzülen ABŞ-nyň iň baý uniwersitetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi.

“Forbes” žurnalynyň habaryna görä, Garwardyň gaznasy 49,5 milliard dollary düzýär.

Ikinji orunda, ondan birneme yzda, 45 milliard dollar töweregi gaznasy bolan Tehas uniwersiteti bar.

Aýdylmagyna görä, Garward uniwersitetinde Tehas uniwersitetinden takmynan 10 esse az talyp bar.

Iň baý ýokary okuw jaýlarynyň bäşligine El (40,7 milliard dollar), Stenford (36,5 milliard dollar) we Prinston (34,1 milliard dollar) uniwersitetleri hem girdi.

Bu sanaw 1974-nji ýyldan bäri her ýyl düzülýär. Umuman alanyňda, sanawda ABŞ-daky 688 kollej we uniwersitet bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: