JEMGYÝET

«Halkbankyň» müşderileri üçin kartdan karta pul geçirmek hyzmaty açyldy

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýatdaky şahamçalarynyň üsti bilen bir «Altyn asyr» bank kartyndan başga bir «Altyn asyr» bank kartyna pul geçirimlerini amala aşyrmak hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Bu hyzmatdan peýdalanmak bilen, bankyň müşderileri bankomatlaryň, «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlarynyň üsti bilen birek-biregiň «Altyn asyr» bank kartyna bir aýyň dowamynda 1000 (bir müň) manatdan ýokary bolmadyk möçberde pul geçirip bilýärler.

Kartdan karta pul geçirmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda degişli görnüşdäki bank kartlaryny ulanýan raýatlar mobil goşundydan peýdalanyp, smartfonlary arkaly islendik ýerde onlaýn görnüşde pul geçirimlerini ýerine ýetirip bilýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: