Türkmenistanyň muzeýleriniň hukuk derejesi kämilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti «Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, şeýle karar Türkmenistanda muzeý işini has-da kämilleşdirmek, muzeýleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen kabul edildi.
Munuň ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň muzeýleri, beýleki ugurdaş edaralary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, muzeý gaznalaryna degişli gymmatlyklaryň, muzeý toplamalarynyň özara alşylmagyna ýardam etjekdigi bellenilýär.