JEMGYÝET

TKA-nyň Kerki etrap birleşmesi Türkmenabatda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirdi

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik guraldy.

Ady agzalan medeniýet ojagy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kerki etrap birleşmesi bu çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Söhbetdeşlikde gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli mirasyň täze röwüşde dikeldilişi dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da çykyş edenler akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemäge uly taýýarlyk görülýändigi, nusgawy şahyryň edebi mirasynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada hem giňişleýin durup geçdiler.

Soňra çärä gatnaşyjylar muzeýde hereket edýän «Setirleri — zer, pähimi — umman» atly sergide ýerleşdirilen milli gymmatlyklarymyzy synladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: