JEMGYÝET

Farap şäher kitaphanasynda duşuşyk agşamy geçirildi

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäheri kitaphanasynda «Mähriň derýa, jan ene!» atly duşuşyk agşamy geçirildi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan agşama №-nji harby bölümde gulluk edýän zenanlar, kitaphananyň Osty geňeşligindäki we Jeýhun şäherçesindäki şahamçalarynyň, Garamyş we Hanoba geňeşlikleriniň medeniýet öýleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda zenanlaryň jemgyýetde we maşgalada tutýan orny, olara döwlet tarapynda berilýän goldawlar barada pikir alyşdylar. Aýal-gyzlaryň dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, harby we hukuk goraýjy edaralarda, medeni-durmuş ulgamynda zähmet çekýändiklerini bellediler. Söhbetdeşlik oba medeniýet öýleriniň sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdymlar bilen utgaşdy.

Çärä gatnaşyjylar bu ýerde guralan «Dünýäde didäm, enem!» atly kitap sergisine hem syn etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: