JEMGYÝET

Sakarda el işlerine bagyşlanan dabara geçirildi

Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde «Bagtly döwrüň bagt lälesi» atly dabaraly çäre geçirildi. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi ýerli medeniýet öýi bilen bilelikde gurady.

Sungat ussatlarynyň milli gymmatlyklary taryplaýan aýdym-sazlaryna beslenen dabarada çykyşlaryň birnäçesi diňlenildi. Aýratyn-da, kümüş saçly eneleriň gadymy edim-gylymlarymyzdyr el işlerimiz barada beren gürrüňleri täsirli boldy. Aýdylyşy ýaly, Saýat etrabynyň hojalyklarynda hem şeýle gymmatlyklaryň birnäçesi maşgala mirasyna öwrülip, arzylanyp saklanylýar.

Edilen çykyşlarda asyrlardan aşyp gelýän gymmatlyklarymyzy geljek nesillere ýetirmek baradaky wezipe hem örboýuna galdy. Şu ugurda okuwçy gyzlaryň arasynda täsirli bäsleşikleri ýygy-ýygydan geçirip durmagyň netijeli boljakdygy aýdyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Milli Lideriň agtyjaklarynyň ezberlik bilen alaja ören pursatlary ýatlanylyp, bu görnüşleriň ähli okuwçy gyzlar üçin göreldedigi nygtaldy.

Dabara gatnaşan gelin-gyzlar, şol sanda, ilkinji zenanlar guramalarynyň agzalary bu işde yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: