LUKMANÇYLYK

Gandaky şekeriň derejesini dermansyz peseldip bolýar

Gandaky şekeriň derejesini derman ulanmazdan peseldip bolýar. Birnäçe synaglary geçirenlerinden soň, lukmanlar şeýle netijä geldiler, diýip «Вечерняя Москва» gazetine salgylanmak bilen, «rambler.ru» habar berýär. Olaryň barlaglary dünýäde giňden ýaýran keselleriň biriniň — diabetiň öňüni almak üçin ähmiýetlidir. Görüp oturalar, hemme zat ýönekeý eken. Fiziki işjeňligiň kömegi bilen gandaky şekeriň derejesine gözegçilik edip bolýandygy belli edildi. Sport bilen yzygider meşgullanyp ýa-da fiziki taýdan işjeň durmuş ýörelgelerine eýerip, gandaky şekeriň derejesini saklap bolýandygy anyklanyldy. Sazlaşykly ýerine ýetirilýän aerob (gany kislorod bilen baýlaşdyrýan) we belli bir wagtda geçirilýän güýçli depginli türgenleşikler hem-de agyrlykly maşklar has gowy netije berýärler. Lukmanlar ylgamak ýa-da toplumlaýyn maşklary üç gezek gaýtalamak bolmaýan adamlar üçin hem usul tapdylar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, adaty öý işlerini ýerine ýetirmek, mysal üçin, pol ýuwmak, öý-içerini ýygşyrmak hem olaryň ganyndaky şekeriň derejesini peseltmäge kömek eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: