YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda telekeçileriň sany artýar

2021-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Lebap welaýatyndan agzalaryň 109-sy kabul edildi. Netijede welaýat boýunça birleşmäniň agzalarynyň sany 3 müň 825-den geçdi. Lebaply telekeçiler ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda möhüm orunlary eýeleýärler. Olar jogapkärli gurluşyk-gurnama işlerini alyp barýarlar, senagat harytlaryny öndürýärler. Oba hojalygy bilen meşgullanýan telekeçileriň sany hem barha artmak bilen. Olar oba hojalyk önümleriniň, şol sanda azyk önümleriniň öndürilişini ýylsaýyn artdyrýarlar. Söwda we hyzmat ugurlarynda hem olaryň orny uludyr. Açylan hususy kärhanalaryň, daýhan hojalyklarynyň we beýleki düzümleriň hasabyna täze iş orunlary döredilýär. Häzirki wagtda hususy sektorda 25 müňden gowrak adam zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: