Keçe taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirildi
Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde «Gülüň owadan!» atly keçäniň nusgalaryny taýýarlamak boýunça bäsleşigiň Türkmenabat şäher tapgyry üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden bäsleşigine welaýat merkeziniň edaralarynda we kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak üçin gerek bolan ýüňleri saýlap almak, ony saýmak, daramak, boýamak we keçe taýýarlamak üçin gerek bolan gamşy dokamak barada gürrüň berdiler hem-de ýerine ýetirip görkezdiler. Zenanlar türkmen milli keçesi bilen baglanyşykly maglumatlary, yrymlary, nagyşlaryň, gülleriň taryhyny gadymy rowaýatlaryň, gazallaryň, aýdyşyklaryň üsti bilen beýan etmekde-de öz ussatlyklaryny görkezdiler. Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň işgärleri Altyn Gulmanowa, Bägül Italmazowa, Mähriban Ýagşyýewa dagylar ýeňijiler diýlip yglan edildi we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.