TÜRKMENISTAN HABARLARY

«GamerX»-iň wekiliýeti Özbegistanda saparda boldy

Türkmenabat şäherinde ýakynda açylan «GamerX» elektron sport klubynyň wekilleri tejribesini artdyrmak we maglumatlary alyşmak üçin ýakynda Özbegistan Respublikasynda saparda boldular. Bu sapar täze döredilen klubyň ilkinji halkara tejribesi boldy.

Türkmen wekiliýeti ilki bilen Daşkent şäherinde işleýän elektron sport merkezine baryp gördi. Bu ýerde merkeziň hünärmenleri türkmenistanly myhmanlary alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem taraplar geljekde bilelikdäki ýaryşlary geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahtlaşdylar.

Soňra türkmen wekiliýetiniň agzalary Daşkent şäherinde ýerleşýän,

«Cyber arena»

«Cyberium»

«Colizeum»

«Major Premium Gaming»

«Game zone»

 we «Bezone gaming» elektron sport klublaryna hem baryp gördüler.

Özbegistanda türkmen wekiliýeti myhmansöýerlik bilen garşylanyldy. Ikitaraplaýyn tejribe alyşmalar iňňän ähmiýetli boldy. Şeýle hem türkmenabatly elektron sportçular Özbegistanda açyljak ägirt elektron sport merkeziniň açylyş dabarasyna çagyryldy.

Özbegistan bilen hyzmatdaşlyk kibersportynyň türkmenistanly wekilleriniň tejribesini has baýlaşdyrar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: