TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Türkmenaýnaönümleri» önümlerini eksport edýän ýurtlarynyň sanawyny giňeldýär

Ýurdumyzyň aýna senagatynyň iri «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy Ukraina aýnanyň birinji tapgyryny ugratdy, diýip, «Türkmenistan.Altyn asyr» saýty ýazýar.

Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly ýurtlar bilen uzak möhletleýin söwda gatnaşyklary ýola goýuldy. Şu ýylyň 9 aýynda ýurduň daşyna 700 müň inedördül metrden gowrak aýna ugradyldy. Munuň özi tutuş geçen ýyldakydan-da has köpdür.

Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda bir million inedördül metr aýna, 100 müň inedördül metr laminirlenen aýna, 400 müň aýnapaket we azyk hem-de derman senagaty üçin dürli ölçegdäki aýna gaplaryň 15 görnüşini çykarmaga mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: