SPORT WE SYÝAHAT

Ýaponlaryň üçden bir böleginden gowragy Tokioda tomusky Olimpiadanyň geçirilmezliginiň tarapdary

Ýaponlaryň ikiden üç bölegi Tokioda tomusky Olimpiadanyň geçirilmegini ýatyrmagy ýa-da başga möhlete geçirilmegini goldap ses berdiler. Bu barada degişli soraglary geçiren «Kyodo» agentligine salgylanmak bilen, «mail.ru» ýazýar.
Soraglara jogap berenleriň 39,2%-i oýunlaryň ýatyrylmagyny isleýärler. Sorag-jogaba gatnaşanlaryň 32,8%-i Olimpiadanyň möhletini ýene bir gezek yza süýşürmeli diýip ses berdiler. Ýaponlaryň 24,5%-i bolsa oýunlaryň meýilleşdirilen möhletlerde geçirilmeginiň tarapdary.
Koronawirusyň pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylyň 24-nji iýulyndan 9-njy awgustyna çenli Tokioda geçirilmeli Olimpiadany möhleti 2021-nji 23-nji iýulyndan 8-nji awgusty aralygyna süýşürilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply