SPORT WE SYÝAHAT

Russiýada ralli boýunça dünýä çempionatynyň bir tapgyrynyň geçirilmegi mümkin

Awtomobil öndürijiler ralli boýunça dünýä çempionatynyň (WRC) tapgyrlaryna Russiýany, Hindistany we Hytaýy goşmagy haýyş etdiler. Bu barada ralli boýunça Halkara awtomobil federasiýasynyň ýolbaşçysy Iw Matton aýtdy, diýip «Рамблер» habar berýär.
Onuň habar bermegine görä, federasiýanyň, WRC-niň we toparlaryň wekilleri görkezilen ýurtlary ýaryşlaryň kalendaryna goşmak barada gepleşikleri alyp barýarlar.
«Bize bütin dünýäden teklipleriň gowuşmagy dowam edýär» diýip Matton aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply