MEDENIÝET

Farap şäher kitaphanasynda türkmen bedewine bagyşlanan sergi açyldy

Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Halkymyzyň bagty — türkmen bedewi» atly kitap sergisi işläp başlady. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine bagyşlap ýazan kitaplary, dürli ýyllarda çap edilen çeper we halk döredijiliginiň eserleri, suratlar goýuldy.

Farap şäherindäki sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýetip gelýän baýramçylyga bagyşlap çeken suratlary hem sergide aýratyn orun tutýar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaplarynyň esasynda türkmen halkynyň guwanjy bolan atlar barada birnäçe nakgaşlyk eserlerini döredipdirler.

Farap şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylary serginiň ilkinji myhmanlary boldular. Kitaphananyň işgärleri olary sergide goýulan kitaplar, olaryň mazmuny bilen tanyşdyrdylar we olardan bölekleri okap berdiler. Okuwçylar, öz gezeginde, bedew baradaky goşgulary okadylar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: