Parasatly setirler
Maksadyňa tarap ugraňda, özüňe üýrýän her bir ite oklar ýaly daş gözläp ýolda dursaň, oňa hiç wagt hem ýetip bilmersiň.
F.M. Dostaýewskiý.
***
Lukmandan sorapdyrlar:
– Sen beýle parasatlylygy kimden öwrendiň?
Ol:
– Körlerden. Sebäbi olar nirä basjakdyklaryny elläp görmeseler, aýaklarynam ädenoklar ahyryn – diýip jogap beripdir.
Saady.
***
Akylly boljak bolsaň paýhasly soramany, dykgat bilen diňlemäni, saýhally jogap bermäni hem-de aýdara başga hiç zat bolmasa, geplemegi bes etmäni öwren.
I. Lafater.
***
Ýetmez zatlaryň barada dostlaryňdan sorama, olar dymarlar. Ol hakda duşmanlaryň näme diýýar, şony biljek bol.
Kowusnamadan.
***
Düşünjesi pes bolan adam töweregindäkileri günäkärlemekden lezzet alýar.
La. Roçefasualt.
***
Ýa bir ýol tap, ýa bir ýol aç, ýa-da ýoldan sowul.
Mümin Sekban.
***
Dostlar üç hili bolýar: sizi gowy görýän dostlar, size perwaýsyz garaýan dostlar, sizi ýigrenýän dostlar.
Şamfor.
***
Wezipe adamy beýgeldýän däldir, adam wezipäni beýgeldýändir.
Jamy.
Toplan Jeren Rahmankulowa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.