MEDENIÝET

Kino tomaşa edeýin diýseňiz.

Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet günlerinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan 2021-nji ýylyň 22-25-nji iýun aralygynda şu aşakdaky türkmen kinofilmleri görkeziler:

22.06.2021 ý.
10:00 – «Obada bolan waka» çagalar hakynda film. Režissiýory: K.Garaýew.
15:00 – «Göroglynyň döreýşi». Režissory: M.Orazow.

23.06.2021 ý.
10:00 – «Jeýhunyň ýakasy». Režissiýory: S.Baýramow.
«Ene toprak». Režissiýory: Ş.Mollaýew.
15:00 – «Ülkämiň kuwwatly ganaty». Režissiýory: W.Işangulyýew.

24.06.2021ý
10:00 – «Paý». Režissiýory: R.Welmiýew. Multfilm. Kinofestiwalyň filmleri: «Meniň kakam»,
«Netije», «Owaz», «Aktýor» Režissiýory: L.Esenowa.
15:00 – «Kämillige ýol» Režissiýory: B.Batyrow.

25.06.2021ý
15:00 – «Durmuş kyssalary». Režissiýory: A.Eýeberdiýew.

Filmler Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde görkeziler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: