JEMGYÝET

Farap şäher kitaphanasynda goşa baýrama bagyşlanan sergi açyldy

Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Baky Berkararlygyň binýady» atly kitap sergisi guraldy.

Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlandy. Onda ýurduň Esasy Kanuny we Döwlet Tugy baradaky kitaplar goýuldy. Olarda Türkmenistan ýurt Garaşsyzlygyny alanyndan soňky ýyllarda kanunçylyk ulgamynyň berkidilişi barada maglumatlaryň uly toplumy ýerleşdirilipdir. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilişi, oňa döwrüň talaplaryna laýyk üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilişi, rejelenen görnüşiniň kabul edilişi ýaly maglumatlary hem alyp bolýar.

Kitaphananyň okyjylary serginiň ilkinji synçylary boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: