JEMGYÝET

Alpinist zenan ýadapdyr we dikuçar çagyrypdyr

Şwesiýada alpinist zenan dagdan dikuçarda düşüripdiler. Zenan hiç hili zeper almandyr, ol diňe ýadapdyr, diýip «mir24.tv» habar berýär

Bu ýagdaý ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Ýokmokk ilatly ýerinde bolup geçipdir. Aýdylan ýere dikuçarda halas edijileri ugradypdyrlar. Gullugyň işgärleri zenanyň sagdygyny, ýöne ýadandygyny ýüze çykarypdyrlar. Bu ýagdaý halas edijileri çagyrmak üçin sebäp bolup bilmeýär. Şonuň üçin hem, syýahatça ýanyndaky adamsy bilen myhmanhana çenli özleriniň ýöräp barmagyny ýa-da dikuçarda gitmek üçin kireý tölemelidigini aýdypdyrlar. Är-aýal ikinjisini saýlap alypdyrlar. Käbir maglumatlara görä, olar munuň üçin 3,6 müň dollar töläpdirler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: