BIZE YAZYARLAR

«Farap» ― melhem suwly şypahana

Jeýhunyň kenaryny ýakalap oturan melhem suwly,  meşhur «Farap» şypahanasy milli Liderimiziň tagallasy bilen durky täzelenen saglyk we dynç alyş merkezlerimiziň biridir. Mälim bolşy ýaly, şypahananyň durky täzelenen binalary 2010-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylyp, ulanylmaga berildi.

Mälim bolşy ýaly, «Farap» şypahanasynyň öz akymy bilen 750 ― 800 metr çuňlukdan çykýan suwy düzümi boýunça orta minerallaşan sulfat-hloridli, natrili bejeriş mineral suwlara degişldir. Bu suwuň düzüminde 32-ä golaý himiki element bolup, olaryň esasylary hökmünde wodorodly natrini, kalini, magnini, gurşuny, barini, uglerody, demri we titany görkezip bolar. Hut, şu ýerdäki mineral suw iýmit siňdiriş, daýanç-hereket, nerw, ýürek-damar ulgamlarynyň kesellerinde ulanylýar. Bejeriş mineral suwunyň ortaça tempraturasy +36 ― 39 gradusa deňdir.

Bu suw içimlilik we wanna görnüşinde peýdalanylanda, madda çalyşygynyň gowulaşmagyna, iýmit siňdiriş ulgamynyň nemli bardasynyň gaýnaglama hadysasynyň peselmegine, şeýle hem ulgamyň sekretor-motoriki funksiýasynyň gowulaşmagyna kömek edýär.

Şypahanada öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen fizioterapiýa, iňňerefleks, owkalama, kolonoterapiýa otaglary we bir wagtyň özünde birnäçe adamy kabul edip bilýän bejeriş mineral suwy bilen üpjün edilen wannalar halkymyza hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy kitabyndan ugur alyp, şypahanamyzda raýatlarymyza fitobar otagy hem hyzmat edýär. Onda lukmanlar tarapyndan keseliň kesgidi anyklanandan soň, syrkawlara degişli derman otlarynyň gaýnatmalary, demlemeleri berilýär.

Döwrebap kolonoterapiýa enjamy bolsa degişli keseli bejermekde iň kämil mümkinçilikleri berýär. Has takygy, bu enjam arkaly içegeleri arassalap bolýar. Şeýle hem şypahanamyz wulkan palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhananyň önümleri bilen hem üpjün edilen. Bu ugurda hem degişli bejergileri ýola goýuldy.

Her gün şypahanada tagamlaryň birnäçe görnüşleri taýýarlanyp, keselleriň aýratynlyklaryna we dynç alýanlaryň isleglerine görä hödürlenilýär. Mundan başga-da, küşt, şaşka ýaly oýunlar boýunça ýaryşlar guralýar. Lukmanlaryň maslahatlary esasynda edilýän dürli maşklar kesel bejeriş işlerine-de täsirini ýetirýär.

Şu günlerde-de «Farap» şypahanasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen ildeşlerimiz dynç alýarlar. Olar şypahanda edilýän hyzmatlardan, berilýän bejergilerden we lukmanlardyr şepagat uýalarynyň hoşamaýlygyndan juda hoşal.

Adyljan Şerniýazow,

“Farap” şypahanasynyň newropotolog lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: