Topragy gurplandyrmakda, himiki düzümini (pH,duz) sazlamakda organiki galyndylardan kompleks dökünleri taýýarlamak.
Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylandyr” diýmek bilen döwlet üçin wajyp çözgütleri kabul etmeklige diňe ylmy nukdaýnazardan çemeleşmelidigini nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ylmy esasda ösdürmek, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şol bir sanda mähriban Arkadagymyzyň başda durmagy netijesinde daşky gurşawy goramak, tebigatyň türkmen halkyna peşgeş beren baýlyklaryny netijeli we aýawly peýdalanmak boýunça ýurdumyzda köp işler amala aşyrylýar.
Bütin dünýäde we şol bir sanda Türkmenistanda galyndylara garşy göreşmek maksady bilen dürli işler alynyp barylýar. Organiki galyndylara iýmitlik galyndylar,agaç ýaprak bölejikleri degişlidir. Iýmit galyndylary beýleki galyndylar bilen bilelikde zir-zibillere zyňylanda dürli bakteriýalara we mikroorganizmlere ýaşamak üçin amatly şert döretýärler we şeýlelikde biologiki hapalanma ýüze çykarýar. Şol bir sanda ajama reaksiýalary netijesinde bölünip çykýan ýakymsyz ysly gazlar diňe bir ilatyň ýaşaýyş durmuş hilini peseltmän eýsem atmosferany hem belli bir mukdarda hapalaýar.
Mekdep okuwçylaryny ylyma çekmek maksady bilen orta mekdeplerde örän uly işler alynyp barylýar.Köýtendag etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aknur Hamzaýewa bilen bilelikde öý şertlerinde galyndy hökmünde çykýan ösümlik galyndylaryny gaýtadan işläp, organiki dökün hem-de toprak emele getiriji serişde taýýarladyk. Bu serişde peýdalanylýan materiallaryna laýyklykda topragyň pH derejesini dürli derejede üýtgetmäge ukyply, şeýle-de topragyň dürli metallaryň duzlary arkaly hapalanmagyny arassalamaga ukyply.
Biziň ylmy temamyzyň netijesinde alynan önümler peýdalanmak arkaly döwletimiziň oba- hojalygyny ösdürmekde uly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berer.
Köýtendag etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň himiýa-biologiýa mugallymy Karamathan Ismankulowa