BIZE YAZYARLAR

“Nar agajy” sazynyň dogduk mekany!

Galanyň düýbünde bir gawun iýdim,

Etini iýdim-de paçagyny goýdum….

  Diýen, sözler bilen başlanýan aýdymyň heňini türkmen halkynyň içinde bilmeýän ýok bolsa gerek. Bu aýdymyň esasynda “Nar agajy” ady bilen giňden tanalýan meşhur saz ýatyr. Halkymyz “Nar agajyna” türkmen halk sazy diýýär. Ýöne hut şu saz eserine ermeniler, azerbeýjanlar, özbekler, garagalpaklar, gürjüler, araplar, parslar, greklar, türkler ýaly başga-da ençeme halklar öz halk sazlary hökmünde garap gelýärler.

 Gruzin kompozitory D.Arakişwili “Nar agajynyň” heňini gürjülere degişli diýip belleýär. Bu sazyň sesli görnüşi hat-da Tbiliside 1885-nji ýylda A.Benaşwiliniň “Gürji heňleri” diýen meşhur ýygyndysynda çap hem edilipdir. Azerbaýjan halkynyň meşhur aýdymçysy Bilbil Mämmedowa bolsa bu esere azerbeýjan halk sazy hökmünde baha beripdir.

  1908-nji ýylda U. Gajybekow hem özüniň “Leýli-Mežnun” operasynda bu sazy azerbeýjan halk heňi hökmünde ulanypdyr. Şeýle-de nota geçirilen takyk mysallarda birnäçe halklaryň saz sungatynda “Nar agajy” heňine duş gelmek bolýar. M. Glinka “Ruslan we Lýudmila” operasynyň üçünji aktynda “Pars horunda” halk heňi “Nar agajyň” heňini ulanypdyr.

   ХIХ  asyryň 70-nji ýyllarynda  “Nar agajy” heňiniň özbeklerde aýdylýan we çalynýan görnüşlerini nota geçirmek bilen, A. Eýhgorn özüniň “Özbegistanyň saz folkloristikasy” diýen ýygyndysynda saz eseriniň gelip çykyşy barada käbir çaklamalary ýatlap geçipdir. Ony her ýerde her hili çalýarlar we atlandyrýarlar. Mysal üçin: “Buhara marşy”, “Kokand marşy”, “Badahşan marşy” we şm.

  Bu aýdymyň esasynda dörän rowaýatlary barmak büküp sanardan kändir. Dünýä halklarynyň arasynda şeýle giň meşhurlyga eýe bolan bu saz eseriniň döreýiş taryhyna seredip geçeliň. Ol özbek halkynyň arasynda şeýle rowaýat arkaly beýan edilýär.”Isgender patyşa (Alesandr Makedonskiý) şeýle bir sazy söýýän, sazhon, şadyýan adam bolupdyr. Ol özüniň ýörişlerini saz bilen bezemek üçin kän saz diňlemeli bolupdyr. Parfiýa döwletiniň Nusaý şäherinde geçiren ýörişleri wagtynda onuň gulagyna täsin bir saz, owaz eşdilenmiş. Şol saza patyşa ebedilik aşyk bolanmyş. Şondan soňra ol özüniň ähli ýörişlerini şol sazyň dabarasy astynda geçiripdir. “Nar agajy” sazy çalnanda agyr leşgere täzeden jan giren ýaly bolupdyr. Dünýäni eýelän Isgender patyşa bu üýtgeşik sazyň täsin heňini ähli ýurtlara meşhur edenmiş. Bu sazyň özbeklerdäki “Isgender han marşy” ady hem şondan gelip çykanmyş….” diýmek, görşimiz ýaly taryhda hem “Nar agajynyň” heňi türkmen topragynda eşdilendigini habar berýär.

 Hindi halklarynda “Nar agajy” sazynyň örän şowly ulanylmagy, Baýram han türkmeniň patşalyk eden döwri bilen baglanşykly bolmagy mümkin. Sazyň Günbatar tarapa gitmeginde, Masud Gaznewiniň, Ärtogrul Gazynyň harby ýörişleriniň sebäp bolmagy şübhesizdir. Sebäbi türkmenler müňlyllyklaryň dowamynda nirede ýaşasalar-da “Nar agajy” aýdymyny, sazyny öz ýanlaryndan goýmandyrlar.  

 “Nar agajy” sazy barada Türkmenistanyn Halk bagşysy Döwletgeldi Ökdirowyň şaýat bolan ýatlamalaryna seredip geçeliň. Hut ussadyň özi hem “Nar agajy” sazyny, aýdymyny uly ussatlyk bilen ýerine ýetirip, türkmen halkynyň söýgüsine, hormatyna mynasyp bolan bagşy-sazandadyr. “Biriniň gitara ýerine ýetirmeginde “Nar agajy” sazynyň täsin owazy meniň kalbymy tolgundyrdy. Men özüme erk edip bilmän, jadylaýjy sazyň çykýan tarapyna ýöneldim. Men sazanda, “Sen türkmenmiň” diýip soranymda, ol maňa, “Ýok, men grek” diýip jogap berdi. Men haýran galyp, bu  türkmen sazyny haçan we kimden öwrendiň diýip soranymda, ol “Bu saz grek halk sazy” diýip jogap berdi. Men grek ýigidi oýun etýändir öýtdüm, ýöne onuň çyny bilendi. Onuň çalýan “Nar agajynyň” çalnyş depgini çaltrak hem-de bogun sany boýunça kemräk bolup görünýärdi. Soňra men “Nar agajynyň” iki görnüşini “Şirwan” hem-de “Nowaýy” perdelerinden çalyp görkezdim”.

 “Nar agajy” sazy türki halklaryň hemmesinde çalynmak bilen, diňe türkmen halkynda sazyň çalnyş ýoly juda köpdir. Geliň, seljerip göreliň:

       Türkmenistanyň Halk bagşysy Mylly Täçmyradowyň çalyş ýoly,

       Türkmenistanyň Halk bagşysy Pürli Saryýewiň çalyş ýoly,

       Welaýatlarda, etraplarda folklor toparlary tarapyndan birnäçe aýdylyş ýollary,

       Meşhur gyjakçy Aşyr Söýünowyň çalyş ýoly,

       Türkmenistanyň Halk bagşysy Döwletgeldi Ökdirowyň çalyş we aýdyş ýoly we başga-da birnäçe çalynyş we aýdylyş ýollaryny görkezmek bolar.

      Türkmen saz folklorynda-da “Nar agajy” halk arasynda giňden ýaýran meşhur heň bolup türkmen kompozitorlaryň-da  ünsüni özüne çekdi. Sungaty öwreniş ylymlaryň doktory Ş. Gullyýew bu heňi liriki aýdymlar toparyna degişli edip belleýär.

  Türkmen halkynyň baý folkýor mirasy biziň professional kompozitorçylyk sungatymyzda özboluşly şöhlelenme tapdy. Öz milli öwüşgini, üýtgeşik bir gözelligi bilen tapawutlanýan türkmen halk heňleri türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginiň aýrylmaz bir bölegine öwrülip gitdi. Her bir kompozitor özüne mahsus bolan stil aýratynlyklary bilen halk heňlerini täzeden işläp, olara täzeden jan berýär.    

 Bu heňe beýleki Gündogar halklary bilen birlikde türkmen kompozitorlary hem birnäçe gezek ýüzlendiler. Meşhur türkmen kompozitory N.Halmämmedowyň “Nar agajy” heňine fortepiano we skripka üçin wariasiýasy şu günki günde-de sazandalaryň repertuarlaryny bezeýär. Ýöne, wokal žanyrynda, onda-da köp sesli hor üçin ýazylan M.Annamyradowyň “Nar agajy” a’capellasy türkmen sazynyň taryhynda täzelikdir.

   “Nar agajy” aýdymynyň sazy-da, sözleri-de türkmen halkynyň iň gadymy aýdym-sazlarynyň naýbaşysydyr.

    Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sazçylyk

mekdebiniň mugallymy Dosyýewa Ajap.