JEMGYÝET

«Facebook», «YouTube» we «Twitter» durmuş söwdasynda baýamakçy

«Facebook», «YouTube» we «Twitter» girdejisini köpeltmek üçin täze usullara serişdelerini goýýarlar, diýip «Reuters»-e salgylanmak bilen «lenta.ru» ýazýar. Kompaniýalar durmuş söwda diýlip atlandyrylýan görnüşde pul gazanmagy meýilleşdirýärler. Gürrüň peýdalanyjylaryň sosial setlerde haryt satyn almagy barada gidýär. Söwdanyň möçberi boýunça Amerikada bu sektoryň girdejisi häzirki 36 milliarda garanda 50 milliard dollara çenli köpeler diýlip çaklanylýar. Durmuşy söwdanyň üstünligi ulanyjylara olaryň isleglerine laýyk gelýän harytlaryň teklip edilmegi bilen şertlendirilendir. Söwdanyň maglumatlaryny geljekde mahabat üçin hem ulanyp bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: