JEMGYÝET

Zehinli uçurymlaryň konsertleri

 Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebini zehinli ýaşlaryň uly topary tamamlaýar. Gutardyş synaglarynyň öňüsyrasynda uçurymlar öz konsertleri bilen çykyş edýärler. Ýedi ýyl skripka hünäri boýunça halypalardan bilim alyp, bu ugur boýunça zehinini taplan Atajan Orazow hem şeýle bagta eýe bolanlaryň biridir. Atajanyň mugallymy Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlan baý mazmunly konserti hem onuň saz sungatynda ynam bilen kämillige tarap barýandygyny aýdyň görkezdi. Ol skripkada milli we dünýä hazynasyna giren eserler boýunça sazlaryň birnäçesini ýerine ýetirip, diňleýjileriň sagbolsunlaryna mynasyp boldy. Oňa skripkanyň ýanynda fortepianoda mugallym Ýelena Toýlyýewa sazandarlyk etdi. Şeýle konsertler bilen uçurymlaryň ýene-de birnäçesi çykyş eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: