YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri özgerýär

Lebap welaýatynda geçen alty aýyň dowamynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmäge gönükdirilen maýa goýum serişdeleri 86,8 million manada barabar boldy. Şonda ýyllyk meýilnama 112,4 göterim berjaý edildi. Bu görkeziji Kerki etrabynda has hem ýokary boldy. Ýagny, ýagny ýyllyk tabşyrygyň ýerine ýetirilişi 202%-e ýakynlady. Dänew etrabynda bolsa 142%-den geçdi. Halaç etrabynda 116%-e, Döwletli etrabynda 115%-e ýakynlady. Netijede geçen alty aýda ýaşaýyş jaýlarynyň 41,6 müň inedördül metri ulanylmaga berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: