JEMGYÝET

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

Lebap welaýat baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralan çärä müdirligiň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Maslahatda Türkmenistanyň Esasy Kanuny, onuň ýurdumyzyň ösüşindäki, ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyndaky ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Çykyşlarda Esasy Kanunymyzda Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, ony goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridigi yglan edilýär. Bu belent talap döwletimiz tarapyndan adamlar hakynda edýän ýadawsyz aladalarda, döredilýän giň gerimli durmuşy ýeňilliklerde özüniň aýdyň beýanyny tapýandygy bellenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: