Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Hilda Maguaýr özüniň ýüzünji doglan gününi gowy görýän pabynda (ýerli klubda) belledi. Ony gutlamaga çagalarynyň dördüsi hem maşgalalary bilen geldiler, diýip, «rambler.ru» ýazýar.
Ispaniýada guran maşgala oturşlygynda çaga arabajygynda tans edenden bäri ony maşgalasynda «Hilda tüweleý» diýip atlandyrýarlar.
Maguaýr syýahat etmäni we saz diňlemäni gowy görýär, goşgy ýazýar. 90 ýaşyndan soň ol ispan dilini öwrendi we ekzamen tabşyrdy. Uzak ýaşamagyň syryny aýtmagy soranlarynda, ol: «Gowy iýmit, berk uky, dostlar we köp adam bilen aragatnaşyk saklamak» diýip, jogap berdi.
Ikinji jahan urşy döwründe Maguaýr sowet goşunlary üçin prožektor ýygnady, köp ýyllap ýaşaýan şäherindäki «Siemens» zawodynda işledi. Bulardan başga-da, zenan bütin dünýäni diýen ýaly gezdi.