YLYM WE TEHNIKA

Dünýäde iň kuwwatly smartfon öndürildi

Hytaýda häzirki wagtda dünýäde iň kuwwatly smartfonyň satuwyna badalga berildi. Ol «Red Magic 8S Pro» diýlip atlandyrylýar.

Bu smartfon şeýle derejä operatiw ýadynyň 24 gigabaýta barabardygy bilen mynasyp boldy. Özi-de täze enjama doly zarýad bermek üçin bary-ýogy 14 minut ýeterlikdir.

Bu smartfonyň, esasan, oýunlary oýnamak üçin niýetlenilendigi üçin ol 50 megapiksellik ýönekeý kamera bilen üpjün edilendir. Ýöne onuň sygymy bir terabaýtdyr. Aşa gyzmazlygy üçin bu enjam kuwwatly sowadyş ulgamy bilen üpjün edilendir.

Täze smartfonyň Pro görnüşiniň bahasy ABŞ-nyň 550 dollaryna, Pro+ görnüşiniň bahasy bolsa 1035 dollara barabardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: