YLYM WE TEHNIKA

Hytaý Ýere abat gaýdyp geljek älem gämisini uçurar

Hytaýyň ilkinji gaýtadan uçurylýan kosmiki gämisi 2027-nji ýylda taýýar bolar.

HHR-iň açyk kosmosa çykan ilkinji taýkonawti Ýan Liweý şeýle ynam bildirdi. Onuň sözleri “The South China Morning Post” neşirinde çap edildi.

Hünärmeniň pikiriçe, gämi «geljekde Hytaý kosmos stansiýasynyň gurluşygynda we Aýa gonmagy amala aşyrmakda möhüm orny eýeleýär».

Enjam ýedi taýkonawty uçurmak mümkinçiligine eýedir.

Gämi Ýeriň golaýyndaky orbitada uçmak hem-de kosmosy çuňňur öwrenmek üçin niýetlenendir ― diýlip, gazetde ýazylýar.

Doly göwrümli prototip 2020-nji ýyl raketa daşaýjy «Long March 5»-iň goldawy bilen 67 sagatlyk synag uçuşyny üstünlikli tamamlady ― diýlip, habarda aýdylýar.

Hytaý 2030-njy ýylda Aýa taýkonawt iberer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: