BIZE YAZYARLAR

Haýwanat dünýäsinniň täsinlikleri

Ýyrtyjy guşlar öz jüýjejiklerini hiç bir azar ýetirmesizden çüňklerinde uzak aralyga äkitmegi başarýarlar.

Ýarganatlar howpsuz ýer tapýançalar 2-3 günläp öz çagalaryny arkalaryndan düşürmän uçýarlar.

Pişikleriň öz çagajyklaryny agzynda ondan-oňa geçirýändigini köp görýäris. Garynjalar sebäpli ýolbarslar günüň dowamynda güjüjiklerini telim ýere geçirmeli bolýarlar. Olar garynjalar çöp-çalamyň üstüne çykyp bilmez diýen pikir bilen gamyşly, çöp-çalamly ýerleri mesgen edinýärler. Ýolbarslar güjüjiklerini her gün agyzlarynda gysyp ondan-oňa geçirýärler. Olar çagajyklary ulalýança garynjalar sebäpli iň köp göç edýän ýyrtyjydyr.

Aksilokop diýen guş ýumurtgasyny guzlap ölýär. Özem muny öňünden bilýär. Jüýjeleriniň ýetişip uçuşa çenli iýjek zatlaryny öňünden taýýarlaýar. Ol höwürtge edinen daragtyny çüňki bilen deşip, uzyn bir deşik edýär. Şol uzyn deşige ene guş jüýjeleriniň bir ýyllap iýmeklerine ýeter ýaly iýmitleri, gülleriň baldyrlaryny, şeýle hem bir ýumurtgasyny dykyp doldurýar. Jüýjeler bir ýyllap şol deşikdäki azyk gorlaryndan iýmitlenýärler.

Alymlar serçäniň öz jüýjelerini iýmitlendirmek üçin 12-17 gezek uçmaly bolýandyklaryny hasaplapdyrlar.

Towuklar, ördekler, itler käteler öz çagajyklarynyň ýanyna baran adamlaryň üstüne özlerini zyňýarlar. Gorky-ürkini unudyp, çagajyklaryny goraýarlar.

Leýla Gylyçmuhammedowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: