BIZE YAZYARLAR

Haýran galdyrýan täsinlikler

Dünýäde haýran galdyrýan täsinlikler kän. Atlantika okeanyndaky Bermut üçburçlygyna ýüzüp baran uly-uly gämiler dereksiz ýitip gidýär? Bermut üçburçlugynyň üstünden uçup geçýän uçarlaryň diňe «halas ediň!» diýip howply signal goýberip, dessine ýok bolup gitmesiniň syry näme? Bermut üçburçlugynda bolup geçýän hadysalary düşündirmegem, düşünmegem mümkin däl. Adam ogly bolsa, gudraty köre-körlük bilen kabul edäýmeýär.

Häzir tebigaty öwrenijiler Ýeriň üstünde-de şeýle gudratly ýerleriň ençemesiniň üstüni açdylar.

Orsyýetiň Perm oblastynda şeýle bir ýer bar, alymlar, žurnalistler oňa «gudratly zolak» diýip at berýärler. Şol ýere alymlardan, žurnalistlerden ybarat topar ýörite gidýär. Ol ýer gadym-gadym eýýamda äpet meteoritiň gaçan ýerine meňzeýär. Onuň ortarasynda ýerden dömüp çykan äpet harsaň daşlar kän. Şol taýynyň howasam başga, ösüp oturan agaçlaram düýbüne elýetmez äpet-äpet agaçlar. Şol harsaň düýe ýaly daşlaryň üstüne çyksaň, ýa arasynda dursaň, ýadawlygyň mesaňa aýrylyp, şähdiň açylyp, keýpiň kökelip başlaýar. Alymlar barlap görseler, ol ýerden asmana tarap göze görünmeýän şuglalar uzaýar eken. Asmandan ýere, ýerden asmana şolar ýaly gudrat şuglanyň uzaýan ýerlerini alymlar açyp gidip otyr. Görüp otursalar, bir şäherde, bir köçede, bir jaýyň ýerleşen ýeri oňaýsyz şuglada, başga ýeri oňaýly şuglada hem ýerleşýän eken. Oňaýsyz şuglada ýaşaýanlaryň arasynda keselçilik köp bolýan eken.

Bular ýaly gudrat görkezýän ýerler, köller, çeşmeler, daglar, çöller gaty köp. Türkmenistanda-da gijeler basyrganman ýatyp bolmaýan ýerleriň köpdügini çopanlar, geolog alymlar bilýärler. Gyzylgaýa, Tüwer ýaly ýerlerde ýerasty magdanlaryň täsiri netijesinde gije ýatyp bolmaýan ýerler köp.

Adamzat bütin ýer şaryny jikme-jik öwrenip, ony doly açdy, emma onuň gudratly ýerleri bolsa öwrendigiňçe, köpelip gidip otyr.

Eger gudrat bolmadyk bolsa, ony toslap tapmaly bolardy! Tebigat adamzadyň özüne bolan sarpasyny, bilesigelijiligini köpeldip gidip otyr. Dünýäniň çar tarapynda adamzat akylyna sygmaýan, bolup bilmeli däl zatlar bolup dur. Belki bu gün gudrat hasaplaýan täsinligimizi ertirki nesiller ylmy açyşlaryň üsti bilen düşündirmegiň hötdesinden gelerler.

Aýperi Atamyradowa,

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: