BIZE YAZYARLAR

Baýramçylyga taýýarlykly barylýar

Welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli täze sungat eserleriniň üstünde işlemäge girişildi. Bu ýerde sungatyň dürli görnüşleri boýunça bilim berýän mugallymlar öz şägirtleri bilen bilelikde täze çykyşlary taýýarlaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Hökümüet mejlislerinde aprel aýynyň soňky ýekşenbesine gabat gelýän bu baýramy tutuş ýurdumyzda ýokary derejede geçirmek barada aýdylýar. Türkmen bedewiniň milli baýramyna häzirden taýýarlyk görüp başlamak, onuň ýokary derejesini üpjün eder.

Welaýatymyzda hem uly dabaralara beslenjek baýrama mekdebimizde diňe bir aýdym, saz sungatlary boýunça däl-de, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk bilen meşgullanýan sungat işgärleri hem taýýarlykly gelýärler. Täze eserleriň birnäçesi eýýäm taýýar diýen ýaly. Olar Türkmen bedewiniň milli baýramynda ilkinji gezek köpçülige ýetiriler.

Anwar JUMAKULYÝEW,

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: