BIZE YAZYARLAR

ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Günbe-günden arşa galyp adymyz

Has beýgelýär öňe tarap badymyz

Aýdym-saz mydama göwün şadymyz

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

 

Okamaga, döretmage şertler bar

Öwrenmäge näçe diýseň dersler bar

Mekdeplerde çuňňur bilim berilýär

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

 

Bir okana, bir dokana diýýärler

Talyplarmyz şu nakyla uýýarlar

Gelejege umyt bilen barýarlar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

 

Ýaşlar Serdaryna sagbolsun diýýär

Onuň bilen üstünliklere barýar

Ýürek joşup goşgy setirler ýazýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

 

Külli türkmen ady äleme dolýar

Arzuwlarmyz günbe-gün hasyl bolýar

Serdarymyz bize howandar bolýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

 

 Selbi Imamowa                                                                   

 Lebap welaýat ýörite sungat     mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň I-ýyl talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: