DÜNÝÄDÄKI HABARLARYLYM WE TEHNIKA

Dünýäde bir aýsberg kemeldi

Bir ýyl gowrak wagt bäri alymlaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni çekip gelen äpet «A68» aýsbergi indi hiç hili howp salmaýarm diýip «hightech» ýazýar. ABŞ-niň Milli buz merkeziniň habar bermegine görä, aýsberg gutarnykly eräpdir we indi yzarlap bolmajak maýda böleklere bölünipdir.
«A68» aýsbergi 2017-nji ýylyň iýulynda Larsen şelf (materikdäki deňziň gyralaryndaky ýalpak ýer) doňakçylygyndan bölünip aýrylypdy. Şol wagt onuň meýdanynyň uzynlygy 175 kilometre, ini bolsa 50 kilometre, agramy bolsa bir trillion tonna barabardy. Ol dünýäde bellige alnan iň uly aýsbergdi.
Birnäçe ýyllap aýsberg ýerinden süýşmän durdy, ýöne geçen ýylyň başynda bolsa akymyň ugruna süýşüp başlady. Alymlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri onuň süýşmegi bilen gyzyklanyp başladylar. Sebäbi onuň Günorta Georgiý adasyna gelip urup, uly tebigy heläkçiligi ýüze çykarmagy mümkindi.
2020-nji ýylyň ahyrlarynda ol ýyly suwa we howanyň ýokary temperaturaly ýerine gelmegi bilen ýuwaşdan maýda böleklere bölünip başlady we tizlikde dolulygyna eredi.

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply