YLYM WE TEHNIKA

Alymlaryň elektrik toguny geçirýän aýna meňzeş material döretdiler

Ýakynda Hytaýyň, Orsýetiň, ABŞ-nyň, Şwesiýanyň we Germaniýanyň alymlary bilelikde iň berk çüýşe görnüşli materialy işläp taýýarlamagyň hötdesinden geldiler. Olaryň aýtmaklaryna görä, täze material almaz daşyndan hem berkdir. Şeýle hem, ol elektrik toguny hem geçirmäge ukyplydyr. Alymlar öz oýlap tapan materialyny «aşa berk, aşa gaty ýarym geçiriji» diýip atlandyrdylar.

Alymlar 1,2 gradus Selsiýada berkligi takmynan 113 gigapaskala barabar amorf material aldylar. Almazyň berkligi bolsa 62—150 gigapaskal aralygyndadyr. Entek bu berk çüýşe görnüşli materialyň haýsy ulgamlarda ulanyljakdygy doly anyk däl, ýöne ony elektronikada ulanmaklary mümkin diýlip çaklanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: